tabşyryk

tabşyryk
1) Birine tabşyrylan buýruk, ýumuş.
∙ Akmyrat, sen mugallymyň düýnki tabşyrygyny eýýäm ýadyňdan çykardyňmy? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Saňa bir tabşyryk bar, olam, okap sowatly bolmaly. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
2) Birine berilýän nesihat, wesýet, öwüt, maslahat.
∙ Garly ussa oňa tabşyryk etdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
3) Birine edilýän sargyt, ýumuş.
∙ Maňa-da gyzykly kitap getirgin! -- diýip, tabşyryk etdi.
4) Nädogry edilen iş üçin edilýän duýduryş, käýinç.
∙ Şeýle işleri üçin raýon tarapyndan Pökgene birnäçe sapar tabşyryklar hem berlipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem tabşyryk - tabşyrygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»